ARKADAGYŇ SUNGATY — AŞGABAT

ARKADAGYŇ SUNGATY — AŞGABAT
Makalalar
15.12.2023, 23:48
251
0
ARKADAGYŇ SUNGATY — AŞGABAT

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat Garaşsyz Watanymyzyň ýüregidir. Ol berkarar döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, uzak möhletleýin geljegi nazarlap, onuň düzümlerini kämilleşdirmek täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň çäginde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak meselesi Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwrümiziň beýik binagäri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda gözelligi hem-de oýlanyşyklylygy babatda Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi döredildi.

Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak ýurdumyzy abadanlaşdyrmakdyr, ak şäherimizi gülledip ösdürmek döwletimizi gülledip ösdürmekdir. Şoňa görä, ony hemmetaraplaýyn özgertmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Aşgabadyň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bolsa şäher ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmet çekmekleri, oňaýly dynç almaklary üçin has amatly şertleri üpjün etmäge ýardam berer.

Ramazan Batyrjnow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0