Akyldar şahyryň sarpasy belentden tutulýar

Akyldar şahyryň sarpasy belentden tutulýar
Makalalar
16.02.2024, 19:08
185
0
Akyldar şahyryň sarpasy belentden tutulýar

    Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýyl ýurdumyzda we halkara derejesinde Gündogaryň beýik filosofy, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Ýaňy-ýakynda, has anyk aýtsak, 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu işleri mynasyp dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama laýyklykda, aklydar şahyryň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren raýatlar bu medal bilen sylaglanarlar.

Şeýle hem ozal bilşimiz ýaly şu ýyl Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmak meýilleşdirilýär. Belläp geçsek, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny gurmak üçin 41 gektar ýer bölünip berildi. Nusgawy şahyryň tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliniň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.

Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak maksady bilen, akyldar şahyryň ömrüne we döredijilige bagyşlanan «Magtymguly Pyragy portaly» döredildi. Şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän sanly görnüşdäki «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», akyldar şahyryň has doly we kämil görnüşdäki «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak, onuň döredijiligine degişli ylmy işlerdir dokumental filmleri, telegepleşikleri yzygiderli geçirmek we başga-da ençeme çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, bu ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni birnäçe çärelere beslenip uly dabara bilen bellenip geçiler. Bu ýatdan çykmajak dabaralar taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar diýip ynam bilen aýdyp bolar.

Nurýagdy Aşurow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0