Ajaýyp eseriň şuglasy

Ajaýyp eseriň şuglasy
Makalalar
12.02.2024, 12:04
170
0
12.02.2024ý.

Ajaýyp eseriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar barada döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ilkinji eseri 27-nji dekabrda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine, umuman, ähli türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ýaşlaryň Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerine goşýan goşantlaryna mynasyp baha berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, onda Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri giňişleýin beýan edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanmagy hem-de onuň, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza sowgat berilmegi ähli türkmen halkymyzy, hususan-da, türkmen ýaşlaryny örän buýsandyrdy. Kitabyň «Beýik işlere çakylyk», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» atly bölümleriniň her birinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda möhüm çäreler göz öňünde tutulypdyr hem-de aýdyňlygy bilen çeper beýan edilipdir. Kitabyň sahypalarynda bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän ýokary hilli fotosuratlaryň ýerleşdirilmegi onuň täsirliligini ýokarlandyrýar.

Ýurdumyzda ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn uly üns berilýär. Döwlet ýaşlar syýasaty şol möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar.

Ýusup Halykow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0