2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly

2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly
Makalalar
02.01.2024, 04:30
262
0
02.01.2024ý.

2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly

29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Soňra bu karar dolulygyna okaldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna 2024-nji ýylyň nyşany hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklibi makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Täze — 2024-nji ýylda hem beýik işler üstünlikli durmuşa geçiriler, milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent derejelere ýetiriler. Adamzat kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gymmatly mirasdyr, ruhy hazynadyr. Çünki adamlary ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan akyldaryň ajaýyp eserleri diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, umumadamzat üçin gymmatlykdyr.

Batyr Rejepgeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0