18-nji fewral Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günüdir

18-nji fewral Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günüdir
Makalalar
14.02.2024, 22:32
140
0
18-nji fewral Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günüdir

Halkara at-abraýy, mertebesi dünýä dolýan ata Watanymyz Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek, deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, halklaryň we döwletleriň arasynda dostlugy pugtalandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen özara bähbitli we netijeli häsiýete eýe bolan ysnyşykly hyzmatdaşlykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, dünýä we sebit derejesinde dost-doganlygyň berkemegine we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen tutumly işleriň bitirilendigini belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Döwletimiziň halkara ähmiýetli teklipleri we ynsanperwer başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ulgamynda möhüm Kararnamalary kabul etdi. Geçen ýylyň mysalynda alanymyzda, döwletimiziň başlangyjy boýunça bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de ýurdumyzyň dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanylmagy ynsanperwer türkmen diplomatiýasynyň ýeňşidir. Munuň özi dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işjeň tagallalaryny gaýgyrmaýan döwletimiziň “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda alyp barýan daşary syýasatynyň, milli ýörelgelere esaslanýan türkmen diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny ýene bir gezek aýdyň subut edýär.

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Munuň özi ýurdumyzyň diplomatik işgärlerine, olaryň ýurdumyzyň abadançylygynyň we durnukly ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan işlerine goýulýan ýokary hormat-sarpadyr. Halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýan ýurdumyzyň diplomatik işgärleri “Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir” diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine bildirýän ynamyna ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, ata Watana ak ýürekden gulluk etmek bilen jogap berýärler hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş sözlerini aýdýarlar.

Syhmyrat Meläýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0