16-njy martda bag ekişlik dabarasy geçiriler

16-njy martda bag ekişlik dabarasy geçiriler
Makalalar
14.03.2024, 16:49
119
0
14.03.2024ý.

16-njy martda bag ekişlik dabarasy geçiriler

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda 16-njy martda bag ekişlik dabarasy geçiriler. Şonuň bilen birlikde güneşli Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga beriler.

Daşky gurşawy gowulandyrmak häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň biridir. Biziň döwletimiz tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözgüdine ägirt uly goşant goşup gelýär. Döwlet Baştutanymyz 9-njy fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny oturtmak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alýan gök zolaklary döretmekde, daşky gurşawyň abadançylygyny ygtybarly goramakda, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda geçirilýän ählihalk bag ekişligi nusgalyk işleri dowam etdirmek bilen ildeşlerimiziň mähriban Watanymyza bolan söýgüsiniň mynasyp beýany bolar.

Ezizmyrat Durdyýew

Türkmenistanyñ telekommunikasiýalar we informatika institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0