Ýaşlara uly ynam bil­dirilýär

Ýaşlara uly ynam bil­dirilýär
Makalalar
12.01.2024, 15:22
229
0
12.01.2024ý.

Ýaşlara uly ynam bildirilýär

​ ​ Häzirki taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaş nesillerde watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan kämil şahsyýetleri kemala getirmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen hem kesgitlenilýär.

Ýaşlaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekip, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirip, şeýle-de jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşlerine, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşantlaryny goşýandyklary örän buýsandyrýar. Täze taryhy eýýamda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin hem ajaýyp mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply kämil ykdysadyýeti kemala getirmegiň, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda kämil ýaş hünärmenleri taýýarlamaga-da uly ähmiýet berilýär. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini has-da kämilleşdirip, uly ösüşlere eýe edýär.

Ýaşlar baradaky aladanyň döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýandygy, bu babatda döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň uly tagallalary durmuşa geçirýändigi örän buýsandyryjydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň, ýagny geçen 2023-nji ýylyň ahyrynda çapdan çykan hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň hem ýaşlara bagyşlanyp — «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýlip atlandyrylmagy biziň her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen ýaşlaryna örän uly ynam bildirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Suleýman Nedirow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0