Ýaşlar ýurduň şu güni we geljegidir

Ýaşlar ýurduň şu güni we geljegidir
Makalalar
01.03.2024, 21:28
83
0
01.03.2024ý.

Ýaşlar ýurduň şu güni we geljegidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri belent üstünliklere, şanly senelere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar babatda belent sepgitlere ýetilýär. Ýetilýän belent sepgitler, ata Watanymyzyň mertebesini dabaralandyrýan wakalar täze taryhyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň 2022-nji ýylyň noýabrynda Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39 mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi şanly ýylyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalarydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň bagtyýar halkymyza gowuşmagy hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby «Beýik işlere çakylyk», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» ýaly bölümlerden ybarat.

Kitapda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «...goluňy gursagyňa goýup, ykrar edip boljak hemmelere äşgär bir hakykat bar: Taryh beýik işler bilen ýazylýar» diýip nygtap geçýär. Juda dürs aýdylan pikir. Döwlet Baştutanymyz peder ýoluny mynasyp dowam etdirip türkmen halkynyň taryhyny beýik işler bilen heňňamyň şöhratly sahypalaryna ýazýar. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitap bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň 2023-nji ýyldaky, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky beýik işleriniň taryhy ýyl ýazgysydyr.

Geçen ýylda ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda giň möçberli, ägirt işler amala aşyryldy. Ýaşlar ýurdumyzyň senagatynyň, oba hojalygynyň, medeniýetiniň, ylmynyň ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Ýurdumyzyň sport abraýyny bütin dünýäde belende göterdiler. Bu şanly ösüşleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda özüniň buýsançly beýanyny tapýar.

Tirkiş Serdarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0