Ýaşlar we terbiýe

Ýaşlar we terbiýe
Makalalar
01.03.2024, 21:35
91
0
01.03.2024ý.

Ýaşlar we terbiýe

Ata Watanymyzyň, bagtyýar raýatlarymyzyň geljeginiň has-da nurana bolmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň düýp özeninde adam hakyndaky alada esasy orny eýeleýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi we döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi, dürli ugurlarda gazanýan şahsy üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary üçin giň ýollary açyp berýän milli Liderimiz ýaş nesilleriň milli buýsanç ruhunda terbiýelenmegi babatda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde uly wezipeleri goýýar.

Ýaşlarda medeni mirasymyza hormat, gözel Diýarymyza söýgi, halkymyzyň şanly taryhyna buýsanç duýgularyny döretmek milli terbiýäniň esasy ugurlary hasaplanýar. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlarymyz, ruhy-ahlak ýörelgelerimiz ýaş nesillerimizde oňyn durmuş endiklerini terbiýeleýär.

Ula hormat, kiçä sarpa goýmak edebi halkymyzyň milli terbiýe mekdebiniň esasy kadalarynyň biridir. Il sylagly ýaşulular, mährem eneler ýaş nesillerimiz üçin görüm-görelde mekdebi bolup durýar. Olar halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerini esasy nesihat edijiler hasaplanýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil şahsyýetleri kemala getirmek babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler bagtyýar geljegimiziň binýadynyň berkden tutulýandygyny alamatlandyrýar. Ýaşlar hakynda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlar sag, belent başlary aman bolsun!

Arslanbek Jumaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0