Türkmenistan — BMG hyzmatdaşlygynyň belent derejesi

Türkmenistan — BMG hyzmatdaşlygynyň belent derejesi
Makalalar
14.10.2023, 15:29
171
0
Türkmenistan — BMG hyzmatdaşlygynyň belent derejesi

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanylyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň BMG-niň esasy düzümleriniň birnäçesiniň agzasy bolmagy ýurdumyzyň geçen ýyllaryň içinde toplan oňyn tejribesiniň, gazanan uly üstünlikleriniň aýdyň netijesidir. Biz hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň, sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri baradaky teklipleriniň halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredip, gyzgyn goldawa eýe bolýandygyna şaýat bolduk.

​ BMG bilen giň gerimli maksada gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň saýlap alan strategik ýoludyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik münberde taryhy söz sözlemegi ýurdumyzyň geljekde hem köpýyllyk halkara şertnamalary işjeň özleşdirmäge hemişe taýýardygyny subut etdi. Şol gatnaşyklar bolsa sebitde we dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Çünki halkara derejede kabul edilen ählumumy gün tertibinde öňde goýlan 169 wezipäni, şeýle hem durnukly ösüş ulgamynda 17 maksady ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz golaýda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bu babatda: «Biz BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen üpjün etmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirini azaltmak boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip belledi.

Ogulnur Nurmämmedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0