Makalalar

Makalalar
Makalalar
18.06.2023, 07:35
192
0
Täsirli festiwal

Golaýda has takygy 2023-nji ýylyň 13-16-njy iýuly aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza-2023” atly halkara tans we folklor festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen bu dabara halkara guramalaryň, medeni ugur boýunça wekilleriň şeýle hem Eýranyň, Hindistanyň, Gazagysatanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň alymlary, sungat işgärleri gatnaşdylar. Hazar deňziniň kenarynda geçirilen bu çäre halklaryň medeniýetini birleşdirmekde, täze tejribeleri toplamakda, halklaryň arasyndaky doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Bu çärä gatnaşan daşary ýurtly sungat ussatlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň ajaýyp sungat ussatlary dürli tans we folklor toparlary gatnaşyp, bilelikde edilen çykyşlaryň netijesinde türkmen sungatynyň ajaýyp dür dänelerini görkezmek bilen ýurdumyzda sungata goýulýan sarpanyň derejesiniň belentligini görkezdiler. Bu dabara gatnaşan tomaşaçylar, dürli milletleriň tans hem folklor toparlarynyň çykyşyna tomaşa edip, aýratyn göwün göteriji hem ýatda galyjy täsir aldylar. Ylaýtada türkmen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Küştdepdi” tansy daşary ýurtly myhmasnlarda hem ýakymly duýgulary oýardy.

Umuman bu festiwal türkmen halkynyň döredijilikli hem myhmansöýer halkdygyny ýene bir gezek dünýä jemgyýetçiligine äşgär etdi.

Ýusup Halykow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0