Saglyk — iň uly baýl­yk

Saglyk — iň uly baýl­yk
Makalalar
11.10.2023, 07:31
277
0
Saglyk — iň uly baýlyk

10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzda adamzadyň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanda sagdynlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen bagly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän hassahanalardyr ylmy-kliniki merkezler, ýokary amatlyklary özünde jemleýän şypahanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Geçirilýän özgertmelere laýyklykda paýtagtymyz Aşgabatda gojaman Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp lukmançylyk şäherçeleri bolan Halkara saglyk merkezleri, hassahanalar yzygiderli gurlup, halkymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ähli watandaşlarymyz üçin ýene-de bir uly sowgat, dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ajaýyp şäherde hem saglygy goraýyş ulgamyna degişli bolan birnäçe desgalar ýerleşýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri ileri tutulyp, döwlet syýasatymyzyň durmuş-ykdysady ugurlarynyň talaplaryny gurşap alýar.

Altynaý Mämmedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0