Oleg Kononenko

Oleg Kononenko
Makalalar
12.02.2024, 11:29
167
0
12.02.2024ý.

Oleg Kononenko dünýä rekordyny täzeledi

Ildeşimiz Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolan kosmonawt hökmünde dünýä rekordyny täzeledi. Ondan öňki rekord hem russiýaly kosmonawt Gennadiý Padalka degişlidi. Onuň uçuşlarynyň 5-si boýunça kosmosda bolan wagty, jemi 878 gije-gündize barabar bolupdy. 

Mälim bolşy ýaly, ildeşimiz häzirki wagtda «Roskosmosyň» kosmonawtlar toparynyň ýolbaşçysy hökmünde bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Bu uçuş 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tamamlanar. Şonda Oleg Kononenkonyň kosmosda — Halkara kosmos stansiýasynda bolmagy 1110 gije-gündize barabar bolar.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde dünýä indi. Ol şäheriň 15-nji orta mekdebinde bilim aldy. 1988-nji ýylda Harkowyň Žukowskiý adyndaky awiasiýa institutyny tamamlady. Ol umumy kosmos taýýarlygyny geçenden soňra 1998-nji ýylda «kosmonawt-barlagçy» hünär derejesine eýe boldy. Ildeşimiz ilkinji gezek kosmosa 2008-nji ýylyň 8-nji aprelinde uçdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Oleg Kononenko 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy. Ol Russiýa Federasiýasynyň hem Gahrymanydyr.

O.Kononenko häzirki wagtda dogduk mekanyndan uzakda bolsa-da, bu mukaddes topragy bir pursatlyk-da unutmaýar. Ol şu ýylyň 22-nji ýanwarynda Halkara kosmos stansiýasyndan Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň gijeki keşbi düşürilen fotosuraty iberdi. Bu suraty «Roskosmos» döwlet korporasiýasy sosial media ulgamyndaky resmi sahypasynda ýerleşdirdi. Ol surata: «Ak, sary, gyzyl we ýaşyl — ýagtylygyň dürli öwüşginleri garaňkylyga aralaşýar. Şäheriň ýagty çyralary gan damarlary mysaly ýollar bilen birleşip, uly ýyldyzlar toplumyna çalym edýär» diýen teswir hem berlipdir.

Biz ildeşimizi täze dünýä rekordy bilen gyzgyn gutlap, onuň Zemine sag-aman dolanyp gelmegini arzuw edýäris.

Seýitnazar Silapow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0