Nowruz geldi ilime

Nowruz geldi ilime
Makalalar
21.03.2024, 12:24
251
0
21.03.2024ý.

Nowruz geldi ilime

Milli bahar baýramy gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň nurana baýramy bolup, ol dünýäniň ençeme halklaryny ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga, hoşniýetlilige çagyrýan, halkara derejesinde bellenilýän baýramdyr. Belent ýörelgelerden ugur alnyp, umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny müdimileşdirmek, halklaryň medeniýetleriniň dürlüligini, özboluşlylygyny gorap saklamak hem-de olary dünýä ýaýmak maksady bilen, Halkara Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 

2010-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklip etmegi netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip, yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. 

Nowruz baýramy musulman halklarynyň gadym döwürlerden bäri belläp gelýän şatlykly, ajaýyp baýramlarynyň biridir. Her bir adam Nowruz baýramyna ajaýyp umytlar, ýagşy arzuwlar, ynançlar bilen barýar. Ol ynançlarda, umyt-arzuwlarda ýaşaýşa söýgi bar.

Bu baýramda merdana pederlerimiz ähli aladalary, gaýgy-gussany doly unudyp, göwün açmaly diýip düşünipdirler. Kim-de kim ony dabaraly, täze geýim geýip garşy alsa, indiki Nowruz baýramyna çenli ömri gowulykda bolar diýlip hasap edilipdir. Şonuň üçin ir säherden her kim täze ýyla niýetlän täze lybaslaryny geýinýär.

Nowruz baýramy diňe bir täze durmuşyň başlanmagyny, tebigatyň oýanmagyny we täzelenmegini, bahar paslynyň gelmegini aňlatman, eýsem, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň baýramydyr. Nowruz baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

Dursun Amanowa

 Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0