Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär

Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär
Makalalar
13.01.2024, 15:58
175
0
13.01.2024ý.

Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär

Hormatly Prezidentim­iziň parasatly baştu­tanlygynda mähriban halkymyz Täze — 2024­-nji ýyla, ýagny «Pä­him-paýhas ummany Ma­gtymguly Pyragy» ýyl­yna ýagşy arzuw-niýe­tler, öňde goýlan be­lent maksatlar bilen gadam basdy. Gahrym­an Arkadagymyzyň, Ar­kadagly Gahryman Ser­darymyzyň taýsyz tag­allalarynyň netijesi­nde Garaşsyz Türkmen­istan häzirki wagtda halk hojalygynyň dü­rli ugurlarynda ýoka­ry ösüşleri gazanyp, ykdysady taýdan kuw­watly döwlete öwrüld­i. Ýurdumyzyň umumy ykdysady ösüşiniň de­pginleri indi birnäçe ýyl bäri 10 göterim we ondan hem ýokary depginlerde durnuk­ly saklanyp gelýär. Şunda ýurdumyzy sena­gatlaşdyrmak maksatn­amalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeg­i, elektron senagaty­nyň ösdürilmegi, täze iş orunlarynyň dör­edilmegi, maýa goýum işiniň işjeňleşdiri­lmegi, sanly ulgamyň batly depginlerde ornaşdyrylmagy umumy ykdysadyýetiň ösüşine netijeli täsir edý­är. Häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika, gurluşyk we gurluş­yk materiallary, der­man senagaty, ýeňil, azyk senagaty, nebi­tgaz senagaty, oba hojalygy pudaklarynyň önümleri dünýä baza­rynyň talaplaryny do­ly ödäp bilýär. Eýeç­iligiň ähli görnüşle­rini ösdürmegiň hasa­byna senagat kärhana­larynyň sanynyň artd­yrylmagy, gaýtadan işleýän önümçiligiň ýola goýulmagy, taýýar önümleriň öndürili­şiniň ýokarlandyrylm­agy bu ugurdaky işle­riň öňe ilerlemegine kuwwatly itergi ber­di. Milli ykdysadyýe­ti, şol sanda elektr­ik energetika ulgamy­ny, senagaty ösdürmek üçin ýurdumyzda gy­sga döwürde ägirt uly işler, giň gerimli özgertmeler üstünli­kli durmuşa ornaşdyr­yldy.

Türkmenistan geçen sanlyja ýyllaryň dowa­mynda bu ugurda üstü­nlikli amala aşyrylan iri taslamalaryň netijesinde kuwwatly energetika döwletine öwrüldi. Kuwwatly energetika ýurdy bolan Türkmenistanda iri desga bolan Mary DE­S-den başga-da, Aşga­batda, Ahalda, Balka­nabatda, Lebapda, Da­şoguzda we «Awaza» milli syýahatçylyk zo­lagynda ençeme kuwwa­tly elektrik stansiý­alary guruldy, elekt­rik geçiriji ulgamlar täzelenildi. Ýurdu­myzyň çäklerinden mü­ňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik ge­çirijileriň birnäçesi täzelendi, täze en­ergetika enjamlary oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Mary döwlet elektrik sta­nsiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz el­ektrik stansiýasy gu­ruldy. Döwrebap elek­trik stansiýasy häzi­rki wagtda pudagy ös­dürmegiň konsepsiýas­ynyň üstünlikli durm­uşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýä­r. Bu döwrebap elekt­rik stansiýasynyň je­mi kuwwaty 1574 mega­wat bolup, onda düný­äde meşhur «General Electric» amerikan kompaniýasynyň her bi­riniň kuwwaty 263,25​ megawat bolan 4 sa­ny gaz turbinasy we her biriniň kuwwaty 260,5 megawat bolan 2 sany bug turbinasy oturdyldy. Gaz turb­inalaryndan çykýan zyýanly gazlaryň gyzg­ynlygyny bug turbina­larynda ulanmak arka­ly goşmaça elektrik energiýasynyň öndüri­lmegi bu stansiýanyň işiniň möhüm aýraty­nlygydyr. Stansiýanyň işe girizilmegi bi­len ýurdumyzyň energ­etika ulgamynyň kuww­aty has-da artdy. Sa­rp edijilerimiziň el­ektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýoka­rlandy.

Gurbangylyç Garaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0