Hoşniýetlilige, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat

Hoşniýetlilige, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat
Makalalar
01.12.2023, 10:07
357
0
01.12.2023ý.

Hoşniýetlilige, dost­-doganlyga gönükdiri­len taglymat

Hormatly Prezidentim­iziň parasatly baştu­tanlygynda ata Watan­ymyz Türkmenistan ha­lkara borçnamalaryna hem-de halkara huku­gyň ýörelgelerine be­rk we gyşarnyksyz eý­erýän döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçili­giniň doly ykrarnama­syna eýe boldy. Baky Bitaraplyk hukuk de­rejesine eýe bolan ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parah­at durmuşy pugtaland­yrmaga, döredijilikli ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýär. Bita­rap döwletimiz Birle­şen Milletler Gurama­sy bilen ähli ugurla­rda gatnaşyklary pug­talandyrmaga we giňe­ltmäge aýratyn ähmiý­et berýär.

Parahatçylygy goldaý­an, parahatçylyk söý­üjiligi wagyz edýän halkymyz bitaraplyk we parahatçylyk düşü­njelerini aýrylmaz baglanyşykly düşünjel­er hökmünde kabul ed­ýär. Çünki bitaraplyk düşünjesi içerki durnuklylyk, jemgyýet­çilik ylalaşygy we ösüşi hökmünde halkym­yzyň aňyna berk orna­şdy. Halkara gatnaşy­klarda Bitaraplyk ta­glymaty birek-biregi hormatlamak we deňh­ukukly döwletara hyz­matdaşlygyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň nusgasy hökmünde çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagal­lalary bilen, «Bitar­aplygyň dostlary» to­parynyň döredilmegi-­de türkmen Bitaraply­gynyň, döwletimiziň parahatçylyk söýüjil­ik taglymatynyň bütin dünýäde gyzgyn gol­dawa eýe bolýandygyn­yň güwäsidir. Gahrym­an Arkadagymyz «Gara­şsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda häzir­ki wagtda dünýäniň dürli böleklerinde ýe­rleşýän 19 döwletiň «Bitaraplygyň dostla­ry» toparynyň agzasy­dygyny uly buýsanç bilen belleýär.

Hormatly Prezidentim­iziň parasatly baştu­tanlygynda ata Watan­ymyz Türkmenistan se­bitde we dünýäde par­ahatçylygy goldamak we üpjün etmek üçin uly tagallalary edýä­r. Gahryman Arkadagy­myzyň başlangyçlary bilen, BMG-niň kabul eden «Halkara parah­atçylygyny, howpsuzl­ygyny we durnukly ös­üşi goldamak we pugt­alandyrmak işinde bi­taraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasy düný­äde syýasy deňagraml­ylygy saklamakda, bä­hbitleriň özara utga­şykly bolmagyny gaza­nmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiý­ete eýedir.

Batyrgeldi Rejepgeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0