Gymmaty egsilmejek eser

Gymmaty egsilmejek eser
Makalalar
18.05.2024, 12:29
99
0
18.05.2024ý.

Gymmaty egsilmejek eser

  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gadymy taryhyny has-da şöhratlandyran «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby gadymy Ahal topragynyň köpasyrlyk taryhy barada şu wagta çenli alnyp barlan arheologik barlaglaryň netijesinde öňe sürlen ylmy garaýyşlary täze maglumatlar arkaly has hem baýlaşdyrýan gymmatly gollanmadyr. Ol ösüp gelýän ýaş nesli ýurdumyzyň baý geçmişi, adamzat taryhynda eýelän wajyp geografik orny, dünýä siwilizasiýasynyň gülläp ösmegine goşant goşan gadymy Änew medeniýeti babatda häzire çenli mälim bolmadyk täsin maglumatlar bilen tanyşdyrmakda, olary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çuň many-mazmuna eýe bolan täze kitabynda toplan maglumatlaryny seljermek bilen, gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun medeniýeti, belli alymlar tarapyndan häzirki Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan gözlegleriň netijeleri, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli «Ak bugdaý» muzeýi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy barada gürrüň berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ylmy, syýasy, medeni, terbiýeçilik nukdaýnazardan iňňän uly ähmiýeti bar. Sebäbi onuň sahypalarynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, yslam dünýäsinde beýik hormata eýe bolan pederlerimiziň orny barada anyk çeşmelere salgylanylyp, giňişleýin maglumatlar berilýär. Kitapda Soltan Sanjaryň, Mäne babanyň, Seýit Jemaleddiniň, Magtymguly Pyragynyň, Annagylyç Mätäjiniň, Durdy bagşynyň, Dostmämmet şahyryň we beýleki şahsyýetlerimiziň atlary, bitiren işleri täsirli beýan edilýär.

Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!

Aýlar Çaryýewa

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0