Makalalar

Makalalar
Makalalar
12.02.2024, 12:01
180
0
12.02.2024ý.

Gurýan döwlet gurpludyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ýaşlary döwlet tarapyndan giň gerimde goldamak, olaryň döwrebap ylym-bilim alyp, Watanyň abraýyny mundan beýläk hem beýgeltjek şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen mynasyp dowam etdirilýär. Şol buýsandyryjy ajaýyp işleriň netijesinde bolsa bu günki gün dürli pudaklarda öz kärine ussat ýaş hünärmenleriň ençemesi döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk-binagärlik ulgamynda ýaşlaryň ylmy gözlegleriniň, döredijilikli zähmetiniň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu pudagyň işine ýaşlary köpçülikleýin çekmegiň zerurdygyny yzygiderli belleýär. Ýurdumyzyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýaly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurulýan desgalaryň, bezeg binalarynyň şekil taslamalaryny, çeperçilik-dizaýn bezeglerini, olarda ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň täzeçil çözgütlerini taýýarlamaga gatnaşýarlar. Şeýle işler ýaşlaryň hünär kämilligini artdyrmak bilen bir hatarda, bu ugurdaky döredijilik gözleglerini giň gerimde alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherlerinde toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamalarynyň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan şeýle binagärlik maksatnamalarynda ýaşlaryň ylmy, tehnologik we milli binagärlik taýdan oýlap tapyşlaryna, taslamalaryna uly orun berilýär. Munuň özi häzirki ösen döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk gelýän özboluşly ajaýyp binagärlik eserleriniň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Muňa gurulýan binalaryň häzirki zaman şähergurluşyk çözgütleriniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýan desgalaryň ençemesiniň, olarda guralýan, aýratyn hem, Arkadag şäheriniň maksatnamasynda esasy orun eýeleýän sanly ulgamyň, «akylly» şäher taslamasynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Aşgabat şäherinde «akylly» tehnologiýalar ilkinji gezek paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ornaşdyryldy. Bu ýerdäki «akylly» öý taslamasy raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmäge möhüm şertleri döretdi. Arkadag şäheri bolsa diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, sebitde sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň ähli mümkinçiliklerini özünde jemleýän, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň döwrebap nusgasy boldy.

Guýçmyrat Gundogdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0