Gözelligiň şäheri

Gözelligiň şäheri
Makalalar
15.12.2023, 23:34
281
0
Gözelligiň şäheri

Aşgabat şäheriniň​ «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyna, dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda ähmiýetli ornuny has-da berkidýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Her ýyl bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Aşgabat şäherinde durmuş-medeni maksatly döwrebap desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hemmetaraplaýyn uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýaşamak üçin döwrebap amatly şertler döredilýär. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edilýän, gülläp ösýän ak mermerli paýtagtymyz bagy-bossanlyga öwrülen şäher hökmünde dünýä degiňden tanalýar. Paýtagtymyzda bina edilýän desgalar, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir şäheriň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Döwran Hudaýberdiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0