Gadymy mekan 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby diýlip yglan edildi

Gadymy mekan 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby diýlip yglan edildi
Makalalar
14.02.2024, 20:38
146
0
Gadymy mekan 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby diýlip yglan edildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Obalaryň, şäherleriň, etraplaryň keşbi özgerýär. 9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler, pudaklar boýunça kesgitlenen wezipeler, şeýle hem gazanylan üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler barada aýdylanlar watandaşlarymyzyň buýsanjyna buýsanç, şatlygyna şatlyk goşup, olary mundan beýläk-de yhlasly we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň şol mejlisde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi we 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. 

Ak bugdaý etraby welaýatymyzda iň uly etraplaryň biri bolmak bilen, ýurdumyzda hususyýetçilige berilýän ünsüň, telekeçileri goldamak babatynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde senagat taýdan iň çalt depginlerde ösýän etrap hökmünde hem giňden tanalýar. Etrabyň çäginde halkyň sarp edýän harytlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän önümçilik kärhanalarynyň sany ýyl-ýyldan artyp, giden bir senagat zolagy emele geldi. Bu ýerde hereket edýän hususy kärhanalaryň öndürýän durmuş hajatlaryna degişli harytlaryň köpdürliligi we ýokary hili halkymyzy guwandyrýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler diňe bir halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, dünýä bazarynda hem uly islegden peýdalanýar.

Altynaý Mämmedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0