Bilimli nesil — aýdyň geljek

Bilimli nesil — aýdyň geljek
Makalalar
05.09.2023, 14:24
264
0
Bilimli nesil — aýdyň geljek

Häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary bilimli ussat hünärmenler ýetişdirilýär. Degişli ugurda açylyp berilýän täze ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, täze ugurlardyr hünärler hem girizilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärler girizildi. Olaryň hatarynda 21 sany bakalawr, 8 sany hünärmen we 6 magistr maksatnamalaryny öz içine alýan hünärler bar. Bu babatda häzirki zaman ylmynyň ösüşi bilen aýakdaş gitmek maksady bilen, halkara standartlaryna kybap gelýän täze hünärleriň girizilmegi şol ugurlarda taýýarlanylýan hünärmenleriň nesliniň kemala gelmegine badalga berýär. Täze okuw ýylynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ilkinji talyplaryna gapysyny giňden açmagy milli atçylyk sungatymyzyň mundan beýläk-de dabaralanmagyna goşant goşjak ýaşlary ýetişdirmekde möhüm ädimdir. Bu ýokary okuw mekdepde talyplar dokuz sany hünär boýunça okadylyp, olaryň ikisinde hünärmen we ýedisinde bakalawr maksatnamalary esasynda bilim alarlar.

Bu günki gün türkmen ýaşlary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde hem bilim alýarlar. Munuň üçin ýurdumyzda hökümetara ylalaşyklaryň esasynda giň mümkinçilikler döredilip, ýaşlar daşary ýurtlaryň birnäçesine ugradylýar. Täze okuw ýylynda hem türkmen ýaşlarynyň ençemesi Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary boldular. Bularyň ählisi ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ählitaraplaýyn ussat hünärmenleriň — bilimli nesliň kemala gelmegine doly mümkinçilik berýär.

Hangeldi Atamuhammedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0