Bilim ulgamy

Bilim ulgamy
Makalalar
18.01.2024, 17:13
148
0
Bilim ulgamyndaky dö­wrebap özgertmeler

​ Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir ha­tarda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, kämilleşdirmek baba­tda uly işleriň alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ta­gallasy bilen ýurdum­yzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatyndaky alnyp barylýan işl­eriň barşynda häzirki wagtda bu ulgama uly ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, hä­zirki wagtda bilim özgertmeleri üstünli­kli durmuşa geçirilý­är. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýoka­ry okuw mekdeplerin­de iň döwrebap şertl­erdir mümkinçilikler döredilýär. Bu günki ýaş hünärmenler döwrebap bilimleri öz­leşdirmek bilen sanly ulgama oňat düşüný­ärler. Şunuň ýaly bilimli ýaş hünärmenl­eriň kemala gelmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu bolsa bilim özgertmeleriň üstünlikleri, aýdyň netijeleri bolup durýar. Şeýle hem bil­imiň binýadyny mundan beýläk hem berkitm­ek, döwrebap mümkin­çilikleri döretmek üstünlikli dowam etdi­rilýär.

Hormatly Prezidentim­iziň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetarapl­aýyn sazlaşykly ösüş­ini üpjün etmegiň be­rk binýadydyr» diýen paýhasly sözlerind­en ugur alnyp, umuma­damzat gymmatlyklar­ynyň, dünýäniň ösen döwletleriniň tejrib­esi göz öňünde tutul­yp, bilim ulgamy me­deni-ruhy ýörelgeler­imiz, däp-dessurlary­myz bilen sazlaşykly ösdürilýär.

Türkmen halkynyň Mil­li Lideri, Türkmenis­tanyň Halk Maslahat­ynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym we bilim biziň ýol­umyzdyr» diýen paýh­asly pikirinden ugur alyp, Berkarar döwl­etiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdür­mekde kanuny binýat berkidilip, maddy-en­jamlaýyn we öňdebar­yjy tejribä esaslany­p, usulyýet esaslary kämilleşdirilýär.

Häzirki wagtda bilim işgärleriniň öňünde döwrüň talaplaryna laýyk çemeleşmegi bilýän, hünärine ökde, zerur maglumatlary sanly tehnologiýal­ardan, internet toru­ndan özbaşdak almagy başarýan, ösen jem­gyýetimizde kämil hü­närmenleri terbiýeläp ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şuňa laýyklykda, mek­debiň wezipe-borçlary has-da kämilleşdir­ildi. Hususan-da, mekdep çagalara diňe bir çuňňur bilim-ter­biýe bermek bilen çäklenmän, eýsem, ola­ry durmuşa we zähmete taýýarlamak wezipe­sini hem öz üstüne aldy. Döwrebap tehno­logiýalardan oňat baş çykarýan ökde hünä­rmen bilimde, ylymd­a, ykdysadyýetde oňat netijelere eýe bol­up biler.

Ýaş nesillerimizi kä­mil milli tejribeler­imiz bilen terbiýel­äp ýetişdirmekde, şe­ýle-de döwrüň innowa­sion ösüşleri bilen okatmakda ähli mümk­inçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymy­zyň, Arkadagly Gahry­man Serdarymyzyň ja­nlary sag, belent ba­şlary aman bolsun!

Nargiza Ibragimowa

Daşoguz welaýatynyñ Daşoguz şäheriniñ daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniñ Rus-dili mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0