Bilim

Bilim
Makalalar
23.12.2023, 12:22
291
0
Bilim bagtyýarlyga ýol açýar

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri özygtyýarly Watanymyzyň köp babatda bilimleriň derejesiniň ýokarlanmagy, möhüm ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň işjeňleşmegi, durmuşyň ähli ugurlaryna ylmy-tehniki täzelikleriň giňden ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilen ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eýýamyna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň giň ulgamyny döretmek boýunça köpugurly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasaty türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk, oýlap tapyjylyk ukyplaryny açmagy göz öňünde tutýar. Bu meseläniň ylym-bilim ulgamynyň durnukly kämilleşmegi, onuň bäsdeşlige ukyply hünärmenleri ýetişdirmegi esasynda çözülýändigini görýäris.

Döwlet Baştutanymyzyň ylym ulgamynda geçirýän düýpli özgertmeleri ylym-bilim pudagynyň has-da kämilleşdirilmegine giň mümkinçilikler açýar. Bu ynsanperwer ylymlar babatda-da şeýledir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen ýaşlarynyň ylmyň ähli ugurlaryny has içgin özleşdirmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň biri-de ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bilen birlikde, olary milli ruhda terbiýelemekden ybaratdyr. Bu babatda göreldäniň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiz Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamak, ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak, milli däp-dessurlary, edep-kadalarymyzy sarpalamak meselelerine aýratyn üns berýär hem-de bu babatda ýaşlara görelde görkezýär.

Ata Watanymyzda ylym we bilim ulgamyny has-da belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, mertebesi hemişe belent bolsun!

Kyýas Muhammedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0