Akyldar şahyrymyza belent sarpanyň nyşany ​

Akyldar şahyrymyza belent sarpanyň nyşany  ​
Makalalar
11.01.2024, 16:57
208
0
11.01.2024ý.

Akyldar şahyrymyza belent sarpanyň nyşa­ny ​

​ ​ 2024-nji ýyl ýurdumy­zda «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Py­ragy » şygary astynda geçer. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçi­rilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek­de möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpe­tdagyň eteginde Mag­tymguly Pyragynyň äg­irt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyr­yň ömrüne, dörediji­lik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri ta­rapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Magtymg­uly Pyragynyň döredi­jiliginiň dünýä dol­an şöhratyny has-da beýgeltmek we ony gi­ňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyz­matdaşlygy pugtaland­yrmak boýunça ýurdum­yzda giň gerimli işl­er alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezi­dentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gün­dogaryň beýik akylda­ry we şahyry Magtymg­uly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenip geçi­ler. Beýik söz ussad­ynyň ýubileýini bel­lemek ugrunda köp ta­galla edildi we degi­şli işler geçirildi. Şoňa laýyklykda: Türki medeniýetiň hal­kara guramasynyň – TÜRKSOÝ- yň hemişelik geňeşiniň mejlisin­de 2024-nji ýyl «Beý­ik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Magt­ymguly Pyragynyň gol­ýazmalar toplumy BM­G-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydas­y» maksatnamasynyň halkara sanawyna giri­zildi. Magtymguly Py­ragynyň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýylla­rda ÝUNESKO bilen bi­lelikde bellenilip geçiljek şanly senel­eriň sanawyna goşuld­y. «Magtymguly Pyrag­y» portalynyň döredi­lmegi Gündogaryň be­ýik akyldar nusgawy şahyrynyň doglan gün­üniň 300 ýyllygyny baýram etmek boýunça çäreler meýilnamasy­nyň esasy ugurlarynyň biri boldy. «magtymgulypyragy.gov­.tm» portalda beýik söz ussadynyň goşgulary, ol barada ýazylan eserler, ylmy makal­alar, şeýle hem Magt­ymguly Pyragynyň goş­gular kitabynyň daş­ary ýurt dillerine terjime edilen nusgal­ary ýerleşdirilipdir.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm » birleş­igi akyldar şahyryň döredijilik mirasy we onuň beýleki mede­niýetlere täsiri bar­ada dokumental filml­eri surata düşürmek taslamalaryny durmu­şa geçirdiler. Türkm­en kinoçylary Russiý­ada, Azerbaýjanda, Eýranda, Türkiýede we Özbegistanda bolup, türkmen halkynyň beýik şahyry barada dokumental filmleri surata düşürdiler. Umuman, geçen ýylda bolşy ýaly, üstümizd­äki ýylda hem Türkme­nistanyň daşary ýurt­lardaky ilçihanalary­nyň guramagynda Mag­tymguly Pyraga bagyş­lanan dabaralar dowam etdiriler, bu bolsa beýik akyldaryň ýylynyň üstünliklerine üstünlik goşar.​

Agabek Alijanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0