Ähli döwürleriň şahy­ry

Ähli döwürleriň şahy­ry
Makalalar
19.01.2024, 12:54
244
0
19.01.2024ý.

Ähli döwürleriň şahyry

Biziň eziz Diýarymyz il-gününiň bähbidi üçin alada eden adamlaryň, şahsyýetleriň gadyr-gymmatynyň bilinýän, olaryň hormatlanyp, sarpalanýan ýurdy. Adamzat taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazyp giden şeýle beýik şahsyýetleriň biri hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Dana akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu görnükli şahsyýetiň at-abraýynyň dünýä halklarynyň arasynda has-da beýgelmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýe bolýar.

Milli edebiýatymyzda ynsanperwerlik, watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, lebize ygrarlylyk, parahatçylyk, agzybirlik, dostluk ýaly düşünjeleriň many-mazmunyny öz paýhasly şygyrlary bilen has-da baýlaşdyran, türkmeniň abraý-mertebesini belende göteren beýik akyldar atamyzyň şygyr bossany biz — mugallymlar üçin hem edep-terbiýe mekdebi, durmuş ýörelgesidir. Watançy şahyrymyzyň şygyrlary kalbymyzyň owazyna öwrülip, asyrlarboýy aramyzda ýaşaýar. Beýik akyldarymyzyň geljekki nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, Berkarar döwletiň bagtyýar nesillerine gowuşdy.

Ähli döwürleriň, ähli göwünleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň sarpasy, at-abraýy dünýä içre belentde. Nusgawy şahyrymyzyň eserlerini okanyňda, watansöýüjiligiň waspy bilen, ynsan kalbyna gönükdirilen filosofik ündewleriň şahyrana çuňlugyna aralaşanyňy duýman galýarsyň. Çünki şahyryň goşgulary tematikasynyň giňligi, çeperçilik derejesiniň ýokarydygy we örän agramlydygy, diliniň sadadan düşnüklidigi bilen tapawutlanýar.

Serdar Karamow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0