Ýeňişli menzilleri külterläp

Ýeňişli menzilleri külterläp
Makalalar
03.01.2024, 20:31
144
0
Ýeňişli menzilleri külterläp

Ýyllar öz wakalary, rysgal-berekedi, şöhrat-şanlary bilen hakyda we taryha girip gidýärler. Olary getirýänem, döredýänem, uzaldýanam adamlar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen adygan 2023-nji ýyl türkmeniň şan-şöhratyny artdyrýan, halkyň ruhuny göterýän wakalara, ýeňişlere baý boldy. Şahyryň: «Ýyldyza baý asmanyma sataşdym» diýşi ýaly, ýaşlar ýylymyz ýyldyzlara baý ýyl boldy. Zähmetde, medeniýetde, sungatda, ylymda, sportda döreýän ajaýyp türkmen ýyldyzlarynyň ýeňişli gadamlarynda tutuş ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň alamatlary görünýär.

2023-nji ýylda biz ýaşlara ýol berýän halypalaryň paýhas-tejribeleri bilen halypalara gol berýän şägirtleriň gujur-gaýratynyň utgaşmasyndan döreýän gudraty, halypa-şägirtlik ýolunyň ajaýyp miwelerini, tüweleme, kän gördük. Sport babatda aýdylanda, üstünlikli tamamlanan ýyly türkmen türgenleriniň jaňly kerweniniň dünýäniň synag ýollaryna ymykly çykan ýyly diýip hasaplamak bolar. Elbetde, bu ýeňişleriň aňyrsynda, ilkinji nobatda, halypa tälimçiler bilen ýaş türgenleriň bilelikdäki yhlaslary, irginsiz zähmetleri we döken derleri ýatandyr. Ýöne olaryň her biriniň ýüreginiň töründe owazlanýan, hut öz ýeňşiniň şanyna ýaňlanmagy arzuwlanýan Döwlet senasyna, ýaşyl sähranyň asuda öwüsgini ýaly bolup, kalbyňy sypalaýan, ruhuň kimin asmana göteriljek Döwlet tuguna buýsanjyň täsirini hem hasaba alman bolmaz.​

Ýakynda, 27-nji dekabrda paýtagtymyzda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat we sergi, ýaşlaryň sylaglanyş dabaralary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu tutumly forum Watanymyzyň geljegi bolan ýaş ýigitleriňdir gyzlaryň döwletiň we halkyň öňündäki özboluşly, buýsançly hasabatyna öwrüldi. Goý, ýylyň ýyldyzlaryna ýapylan sowgat-serpaýlar bu ýylyň rysgal-berekediniň, ýaşlar syýasatynyň dabaralanmasynyň alamaty bolup, ýeneki ýyllaryň ýeňişlerine badalga bersin! Goý, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň giňden wagyz ediljek we öwreniljek edebi mirasy Ýer ýüzüniň ähli ynsanlaryny türkmeniň ruhy dünýäsine has-da ýakynlaşdyrsyn, mähremlige, dost-doganlyga ganat bersin!

Altynaý Mämmedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0