Ýalkymly günleri ýaşlary

Ýalkymly günleri ýaşlary
Makalalar
11.03.2024, 09:34
148
0
11.03.2024ý.

Ýalkymly günleri ýaşlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz il-ýurt bähbitli özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň abadan we eşretli durmuşy, ata Watanymyzyň durnukly ösüşi üpjün edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen geljegimizi gurujy gujurly nesliň öňünde ösüşiň we kämilligiň täze mümkinçilikleri açyldy. Geçen şanly ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýylymyzyň şanyna şan goşmak bilen, ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlykly wakalara öwrüldi. Geljegiň we ýaşlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzda «Dialog — parahatçylygyň kepili», Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladanyň näderejede beýikdigini alamatlandyrýar. Geçen ýylymyzyň iň guwandyryjy taryhy wakasy bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagydyr. Döwlet Baştutanymyz bu gymmatly kitabyň üsti bilen ýaş nesle mähriban halkymyza, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegi sargyt edýär, il-ýurda haýyr getirmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär.

Dawutmyrat Hojamgulyýew

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0