Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi Aşgabatda geçirildi

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi Aşgabatda geçirildi
Makalalar
12.03.2024, 18:50
103
0
12.03.2024ý.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi Aşgabatda geçirildi

  Şu gün Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Çeşmede bellenişine görä, 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistan TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolup durýan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi TDG bilen köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Mejlisiň dowamynda aksakgallar özara gyzyklanma bildirilýän has möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ýaşulular ylmy hyzmatdaşlygy, akademiki barlaglary ösdürmek hem-de bilelikdäki halkara maslahatlaryny geçirmek arkaly türki dünýäniň taryhyny mundan beýläk-de wagyz etmäge aýratyn üns berdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hakynda Beýanat kabul edildi.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda geçirilen TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary we netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant boldy.

Ilaman Nurlyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0