«Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady

«Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady
Makalalar
08.11.2023, 11:24
198
0
«Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady

Şu gün Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Foruma Azerbaýjandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiliýetler gatnaşýar.​

Foruma gatnaşyjy daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň hatarynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary we netijeli gatnaşyklary täze ugurlar boýunça dowam etdirmegi maksat edinýän hyzmatdaşlary bolan «Thales Аlenia Space», «Nokia», «HUAWEI», «WNS», «Eling», «Geedge Networks», «Eutelsat», «Kazakhtelecom», «Tranzit Telecom», «AMD», «Rostelecom» we beýlekiler bar.

Iki günüň dowamynda serginiň myhmanlaryna dürli ugurlar, şol sanda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz aragatnaşyk, professional ses we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleri hem-de düzüm bölekleri boýunça serişdeler görkeziler.

Ertir — 10-njy noýabrda «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergi we ylmy maslahat ugurdaş mejlisler görnüşinde öz işini dowam eder. Meýilleşdirilýän çäreleriň hatarynda talyplaryň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt — 2023» atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek dabarasy-da bar.

Arslan Muhyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0