Ýaşlar — üns merkezinde

Ýaşlar — üns merkezinde
Makalalar
30.05.2024, 21:41
114
0
30.05.2024ý.

Ýaşlar — üns merkezinde  

  Täze taryhy eýýamyň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmeginde ýurduň ýaşlary egsilmez güýçdür. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tutuş many-mazmuny bu mizemez hakykaty nygtaýar. Sebäbi bagtyýar ýaşlaryň ruhubelentligini öňküden-de belende göteren bu ajaýyp eseri okanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmekde öňde durýan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglanýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görmek, duýmak bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyny ödemek ýaşlaryň baş maksady bolup durýar. Şeýle asylly maksada ýetmek üçin halkara ülňülere laýyk ylym-bilim öwrenip, hünärleri ussatlyk bilen ele alýan ýaşlar dürli pudaklarda netijeli zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Ýaş nesle bezeg berýän ahlak gymmatlyklarynyň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki mynasyp goşantlarynda hem aýdyň ýüze çykýar.

Ýaşlaryň durmuş ýörelgesine öwrülen ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň has-da kämilligini gazanmakda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasy tapylgysyz mekdepdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri bolup taryha ýazyljak dana şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän dürli derejeli çäreler ýaş nesliň ahlak kämilligine gönükdirilen işleriň netijeliligine düýpli itergi berýär. Akyldar şahyrymyzyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen döredijiligini dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän nusgalyk aladalary biziň — ýaşlaryň hem buýsançly başyny belende göterýär. Döwlet derejesinde edilýän şeýle aladalar üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşlar ýaşlarymyzyň dillerinde baky ýaňlanjak aýdym-mukamdyr.

Güljennet Hydyrowa

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugalymçylyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0