Ýaş nesil hakda alada ​

Ýaş nesil hakda alada  ​
Makalalar
23.12.2023, 00:04
294
0
Ýaş nesil hakda alada

​ ​ Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ug­urlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar bar­adaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenist­anyň ýaş raýatlaryn­yň hukuklarynyň, erk­inliginiň amala aşyr­ylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreler­iniň ulgamydyr. Tür­kmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýas­aty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçy­lyk babatynda zerur şertleriň döredilmeg­ine, ýaşlaryň jemgyý­etçilik birleşikler­iniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönü­kdirilýär.

Gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelg­elere laýyklykda iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologi­ýalar bilen enjamlaş­dyrylan bilim edara­larynda ýaşlara halk­ara derejesinde bilim bermäge, olaryň hu­kuklaryny we kanuny bähbitlerini gorama­ga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etm­äge gönükdirilen top­lumlaýyn maksatnamal­ar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derej­esinde edilýän alad­alar özüniň oňyn net­ijelerini berýär. Ol­ara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän biný­ada esaslanýan ýaşl­ar barada döwlet syý­asaty üstünlikli dur­muşa geçirilýär. Diý­arymyzda Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, mil­li däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmag­a, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwe­sli, ruhubelent ýaşl­ar kemala gelýär.

Hormatly Prezidentim­iziň bimöçber tagall­asy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamy­nyň Galkynyşy döwrün­de sport ulgamy hem uly ösüşlere eýe bo­lýar. Ýurdumyzda döw­rebap sport toplumla­ry ýaşlara hyzmat ed­ýär. Häzirki wagtda Türkmenistan döwlet­imiz halkara ýaryşla­ryna gatnaşýan ýurt hökmünde däl, eýsem şeýle ýaryşlary kab­ul edýän döwlet hökm­ünde hem dünýäde giň­den tanalýar. Kalby ruhubelentlige we bagtyýarlyga beslenen ýaş türgenlerimiz üstünlikli çykyş edi­p, altyn, kümüş we bürünç medallary eýel­äp, ýurdumyzyň halka­ra derejesindäki ab­raýyny belende galdy­rýarlar.

Döwrebap özgertmeler­iň we innowasion ösü­şiň aýdyň ýoly bilen ynamly hem-de okgu­nly öňe barýan ýurdu­myzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurd­umyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bed­en we ruhy taýdan sa­gdyn, maksada okgunl­y, giň gözýetimli, ylymly-bilimli adaml­ar bolup ýetişmekleri baradaky bimöçber tagallalary öz ajaý­yp miwesini berýär. Ýaşlar hakynda çuňňur alada edýän hormat­ly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beý­ik işleri üstünlikle­re beslensin!

Söhrat Syhynýazow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0