Türkmenistanyň himiýa senagaty ägirt uly kuwwatlyklara eýe

Türkmenistanyň himiýa senagaty ägirt uly kuwwatlyklara eýe
Makalalar
25.03.2024, 21:41
173
0
22.03.2024ý.

Türkmenistanyň himiýa senagaty ägirt uly kuwwatlyklara eýe

  Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek wezipesine uly üns bermek bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini döwlet ähmiýetli derwaýys wezipeleriň hatarynda goýýar.  

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösýän pudaklarynyň biri bolan himiýa senagaty ägirt uly kuwwatlyklara eýedir. Bu ugruň uly eksport mümkinçilikleri bar. HormatlyPrezidentimiziň baştutanlygynda himiýa toplumyny ösdürmek boýunça badalga berlen giň gerimli işler milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny netijeli peýdalanmak, eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmak maksadyndan ugur alýar.

Häzirki döwürde himiýa pudagyny ösdürmek boýunça birnäçe wezipeler öňde goýlup, olaryň durmuşa geçirilmegi milli senagaty ösdürmäge täze itergi berer. Bu ugurda ýokary düzümli etana baý bolan gaz känleriniň binýadynda gazhimiýa toplumyny gurmaga aýratyn üns bermek ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezilýär. Şeýle önümçilikler gysga wagtyň içinde polietilen bilen polipropileniň önümçiligini giňden ýola goýmaga, rezin-tehniki we kauçuk önümçiligi üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şu önümçilikleriň utgaşmagynyň senagat önümleriniň ýüzlerçe görnüşlerini öndürmek üçin serişde hökmünde ulanylýan polimerleriň dürli görnüşlerini çykarmaga şert döredýär.  

Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ägirt uly serişde mümkinçiligi bar. Iri gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny döretmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şeýle kuwwatlyklaryň döredilmegi, elbetde, geljekde hem milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, çig maly gaýtadan işlemek arkaly gymmatly önümleriň öndürilmeginiň möçberleriniň ykdysadyýetiň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna mümkinçilikleri döreder.  

Himiýa pudagynyň çig mal we önümçilik mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmegi ýerli bazary ýokary hilli harytlar bilen doldurmak, milli senagatyň eksport kuwwatyny artdyrmak wezipeleriniň oňyn çözülmegine mümkinçilik berer.

Daýanç Allanazarow

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ himiýa fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0