Pyragynyň edebi mirasy dünýä ýaýylýar

Pyragynyň edebi mirasy dünýä ýaýylýar
Makalalar
05.03.2024, 17:09
113
0
05.03.2024ý.

Pyragynyň edebi mirasy dünýä ýaýylýar

Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler munuň subutnamasydyr. Beýik şahyr diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Ata-babalarymyz onuň ajaýyp goşgularyny kalbynda besläp, nesillere ýetiripdirler. 

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikir-garaýyşlar öňe sürülýär. Akyldar şahyr ýaşap geçen döwrüniň ähli pursatlarynda türkmeni bir supranyň başyna jemlemegi arzuw edipdir, halkyň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini isläp, halallygy, watansöýüjiligi ündäpdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik söz ussadyna uly hormat-sarpa goýulýar, mertebesi belent tutulýar. «Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligine ýokary baha berýär. 

Goý, dana Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jemal Berdiýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0