Milli medeni

Milli medeni
Makalalar
15.03.2024, 22:42
111
0
15.03.2024ý.

Milli medeniýetimize sarpa

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan bize miras galan maddy we medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen üstünliklere beslenýän şu ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Bu baradaky degişli çözgüt Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.

Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Şol Meýilnama laýyklykda, Änew şäheriniň ýurdumyzyň adamzat medeniýetiniň ilkinji taryhy mekanlarynyň biridigini giňden açyp görkezjek halkara ylmy maslahaty, halkara ýaşlar forumyny, halkara festiwallary, maslahatlary, sergileri, halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyny, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we başga-da köp sanly çäreleri guramak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda 25-nji fewralda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bu şanly sene mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasy geçirildi.

Gadymy Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlanylmagynyň aňyrsynda uly many bar. Bu gadymy künjekde taryhyň yzlaryny görüp bolýar. Änew taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älemdir.

Ýeñiş Garýagdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0