Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi
Makalalar
14.03.2024, 17:31
113
0
14.03.2024ý.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Häzirki zaman senagat önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän iri senagat kärhanasy «Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde guruldy.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde «Thyssenkrupp» kompaniýasy tarapyndan getirilen enjamlar we ýerine ýetirilen inženerçilik işleri halkara ölçeglere, has takygy, Germaniýanyň senagat standartlaryna — DIN ülňülerine, sement senagatynyň standartlary hem IEC we ISO standartlaryna doly laýyk gelýär.

Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň wekili Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine degişli güwänamany gowşurdy-diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

 Orazsähet Baýramow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0