Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi
Makalalar
14.03.2024, 17:04
97
0
14.03.2024ý

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi

Ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Iri önümçilik kärhanasy täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem gönüden-göni täsirini ýetirdi. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän kärhanada geçen ýyllaryň dowamynda ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. “Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen iri senagat kärhanasy häzirki zaman senagat önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy. Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy ugur alnan ýörelge boldy. Önümçiligiň ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm we hökmany şertleriň bir hökmünde çykyş edýär.

Bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmak we mähriban topragymyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli ulanmak wezipelerini hasaba almak bilen, zawod önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde guruldy we ol bu baýlyklaryň gazylyp alynýan ojaklaryna golaý çäkde ýerleşýär. Munuň özi önümçilik işini bökdençsiz alyp barmaga we öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berer. Önümçilik işine, öndürilýän önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin täze zawodda barlaghana we tehniki gözegçilik bölümi döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde abatlaýyş ussahanasy hem hereket eder. Bularyň ählisi Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ýurtdaky her bir desganyň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk serişdesiniň ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz ýokary önümçiligini üpjün etjekdigini tassyklaýar.

Annaberdi Alymow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0