GURLUŞYK ULGAMYNA ORNAŞDYRYLAN TÄZEÇIL TEHNOLOGIÝALARYŇ ÖSEN TEJRIBESI BILEN ÝAŞ INŽENERLERI TANYŞDYRMAK

GURLUŞYK ULGAMYNA ORNAŞDYRYLAN TÄZEÇIL TEHNOLOGIÝALARYŇ ÖSEN TEJRIBESI BILEN ÝAŞ INŽENERLERI  TANYŞDYRMAK
Makalalar
01.03.2024, 12:47
103
0
01.03.2024ý.

GURLUŞYK ULGAMYNA ORNAŞDYRYLAN TÄZEÇIL TEHNOLOGIÝALARYŇ ÖSEN TEJRIBESI BILEN ÝAŞ INŽENERLERI TANYŞDYRMAK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda gurluşyk pudagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üpjün edilmegi häzirki döwrüň esasy talaby bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup ulanylmaga berilýän edaradyr kärhanalarda döwrebap derejede bilim bermäge, audio-wideo sapaklaryny, teleköpri sapaklaryny, şeýle-de talyplaryň bilim derejelerini has-da ýokary galdyrmakda önümçilik okuw sapaklarynyň geçirmeklik üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary bilen bilelikde nazaryýetde alnan bilimlerini tejribelikde özleşdirmek maksady bilen ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Bekrewe köçesiniň ugrunda bina edilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly ylmy-barlag institutynyň täze binasynda önümçilik okuw sapagyny geçirdiler. Bu önümçilik okuwynyň dowamynda ylmy edaranyň “Asfaltbeton barlaghanasynyň” ylmy işgärleri talyp ýaşlara ýol gurluşyk materiallarynyň şeýle-de desgalaryň kuwwatyny, ygtybarlylygyny, durnuklylygyny we beýleki häsiýetlerini barlamaklyk üçin zerur bolan enjamlary we gurallary arkaly ýerine ýetirilýän barlaglar bilen içgin tanyşdyrdylar. Talyp ýaşlarymyza häzirki zaman ylmynyň täze sepgitlerine ýetmäge, olara özbaşdak pikir alyşmaga we baý tejribe toplamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0