Beýik şahyra belent sarpa

Beýik şahyra belent sarpa
Makalalar
27.05.2024, 19:47
110
0
27.05.2024ý.

Beýik şahyra belent sarpa  

  Golaýda türkmen halkynyň akyldar şahyry, gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çapa taýýarlanylan Magtymgulynyň eserler ýygyndysynyň çapdan çykmagy biziň ählimizi diýseň buýsandyrdy.

Täze neşir edilen kitapda Magtymguly Pyragynyň 271 sany goşgusy, sözlük we sözsoňy ýerleşdirilipdir. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alnypdyr. Şeýlelikde, täze kitap ýaş nesli belent adamkärçilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Çünki şahyryň eserlerine siňen berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, agzybirlik baradaky filosofiki pikirler, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri giňden alnyp barylýar. Ýurdumyzda taryhy mirasy gorap saklamak babatynda giň tejribe toplanyp, bilelikde hyzmatdaşlygyň medeni we ynsanperwer ugurda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Bu gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä ýaň salýar. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” atly halkara sanawyna goşuldy. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek ýubileý seneleriň sanawyndan mynasyp orun aldy.

Mundan başga-da, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň akyldary beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi.  Bularyň ählisi beýik söz ussadynyň şahyrana mirasynyň ähmiýetiniň halkara derejede hem uludygyny tassyklaýar.

 Muhammet Ramazanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0