Bagtyň gözbaşy — bilim

Bagtyň gözbaşy — bilim
Makalalar
22.12.2023, 21:22
394
0
Bagtyň gözbaşy — bilim

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde​ talyplara sanly ulgamyň soňky gazananlary esasynda ýokary derejede bilim berilýär. Uniwersitetimiziň Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň dekany Kakajan Söýünmyradowyň ýolbaşçylygynda goşmaça dürli okuw sapaklary,​ ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Häzirki wagtda uniwersitetimiziň halkara üstünligi barha artýar. Şeýle üstünlikleriň biri-de bilim ojagymyz bolan​ Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň​ birnäçe halkara guramalaryň sanawynda öňdäki orunlary eýeläp, dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlandyrmagydyr. Has takygy, şu ýylyň netijelerine görä «UI Green Metric World University Reýting» ýyllyk bahalandyrmasynda biziň ýokary okuw mekdebimiz dünýä ýüzündäki uniwersitetleriň arasynda 432-nji orny eýelemegi başardy. Bu reýtingde dünýä ýüzündäki ýokary okuw mekdepleriniň 1183-si hasaba alnyp, olaryň gurluş we infrastruktura; energiýa we howanyň üýtgemegi; galyndylary dolandyrmak; suw; transport; bilim we gözleg ugury boýunça bitirýän işleri bahalandyryldy.

Mundan başga-da ýakynda talyp deň-duşlarymyz​ ýumurtga ýagynyň peýdasyny we onuň ýokumlylyk derejesini öwrendiler.​ Melhemlik ýumurtga ýagynyň ähmiýeti örän uly bolup, ol lukmançylykda döwük ýenjikleri bejermek üçin ulanylýan mazlary ýasamakda, kosmetika önümlerinde, ýanyklary bejermek üçin derman önümlerini ýasamakda, owkalama ýaglary hökmünde giňden ulanylýar.

Dünýä Şyhmädowa

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0